«Altyn globus – 2022-niň» laureatlary belli boldy

  • 11.01.2022 12:56
  • 4.4k+

Golliwudda akkreditlenen daşary ýurtly žurnalistleriň assosiasiýasy ýekşenbe güni 2021-nji ýylyň jemi boýunça “Altyn globus” baýragyna eýe bolanlaryň atlaryny yglan etdi. Bu ýyl baýragyň guramaçylary baýrak gowşurylyşynyň adaty görkezilişinden ýüz öwürdiler. Ýapyk dabara diňe assosiasiýanyň käbir agzalary we onuň grantyny alýan adamlardan saýlananlar gatnaşdy diýip, TASS habar berýär. Şeýlelikde:

  • Iň gowy drama filmi: “Itiň hökmürowany”
  • Iň gowy režissýor: Jeýn Kempion (“Itiň hökmürowany”)
  • Iň gowy ssenariýa: Kennet Brana (“Belfast”) 
  • Iň gowy animasion kartina: “Enkanto”
  • Iň gowy drama serialy: “Mirasdüşerler”
  • Iň gowy komediýa serialy: “Mekirlikler”
  • Iň gowy telefilm: “Ýerasty demir ýol”
  • Iň gowy mýuzikl ýa-da komediýa: “Westsaýd taryhy”
  • Iň gowy daşary ýurt filmi: “Meniň ulagymyň ruluna geç”
  • Dramada iň gowy zenan we erkek keşbi: Nikol Kidman (“Rikardo bolmak”); Uill Smit (“Patyşa Riçard”)
  • Telefilmde iň gowy zenan we erkek keşbi: Keýt Uinslet (“Isstaundan Meýr”); Maýkl Kiton (“Döwüş”)
  • Drama teleserialynda iň gowy zenan we erkek keşbi: Mikaela Jaýe Rodriges (“Duruş”); Jeremi Strong (“Mirasdüşerler”)
  • Komediýa teleserialynda iň gowy zenan we erkek keşbi: Jin Smart (“Mekirlikler”); Jeýson Sudeýkis (“Ted Lasso”)
  • Mýuziklde ýa-da komediýada iň gowy zenan we erkek keşbi: Reýçel Zegler (“Westsaýd taryhy”); Endrýu Garfild (“Tik-tak...BUM!”)
  • Iň gowy kompozitor: Hans Simmer (“Dýuna”)
  • Kinofilmde iň gowy aýdym: “Ölmegiň wagty däl” (Billi Aýliş).
12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....