LaLiga Amazonda öz dükanyny açdy

  • 06.01.2022 19:39
  • 4.7k+

Amazon özüniň sport bazaryndaky gerimini giňeldýär. Ýakynda onuň Ispaniýanyň iň güýçli futbol çempionaty bolan LaLiga bilen şertnama baglaşandygy mälim boldy. Bu barada www.malls.ru habar berdi.

Gol çekilen şertnama laýyklykda, internet dükanynda Ispaniýanyň on üç klubynyň önümleri  hödürlener. Ýöne Ýewropa futbolynyň ägirtleri hasaplanýan "Barselona", Madridiň ​​"Realy" we "Atletiko" ýaly käbir beýleki klublar bilen heniz ylalaşyk gazanylmady.

"Primera-nyň we Segunda-nyň klublaryna ligany dünýä janköýerleri bilen has ýakynlaşdyrmak üçin ähli gurallary hödürlemek La Liga üçin juda möhümdir" - diýip, LaLiga-nyň baş direktory Oskar Meýo aýtdy.

Amazon, öz gezeginde, bu şertnamanyň LaLiga halkara derejedäki gatnaşyklaryny giňeltmäge we ýerleşýän ýerine garamazdan, janköýerleri Ispaniýanyň klublaryna ýakynlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.  Häzirki wagtda dükanda hödürlenýän harytlaryň görnüşi takmynan 1,6 müň dürli önümi öz içine alýar.


şu gün 19:10
359

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....