Geçen ýyl raketa uçuryşlarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 05.01.2022 23:41
  • 5.5k+

2021-nji ýylda dünýäniň ähli ýurtlary kosmos raketalarynyň 144 uçuşyny amala aşyrdylar, bu hem taryhy rekord boldy. Bu barada Ars Technica portaly habar berýär diýip, Regnum belleýär.

2021-nji ýyldaky uçuryşlar barada resmi statistika heniz neşir edilmedi, portalyň awtorlary kosmos uçuşlaryny yzarlaýan Gunter’s Space Page çeşmesiniň maglumatlaryna salgylandylar. Açyk maglumatlardan gelip çykyşyna görä, 2021-nji ýylda kosmos raketalaryny uçurmaga 144 synanyşyk edildi, olardan 133-si üstünlikli boldy.
Geçen ýylyň görkezijileri umumy uçuryşlaryň sany boýunça, şeýle-de üstünlikli uçuryşlaryň sany boýunça-da taryhy rekordy täzelemäge mümkinçilik berdi. Kosmos uçuşlarynyň umumy sany boýunça öňki rekord 1967-nji ýylda goýlupdy (139 uçuş, olardan 122-si üstünlikli). Diňe üstünlikli uçuryşlary hasaba alanyňda, 1976-njy ýyl rekordly boldy (131 umumy uçuşdan 125-si üstünlikli). 
2021-nji ýylda kosmos enjamlaryny uçurmakda birinji orun Hytaýa degişli boldy (56 uçuş, olardan 53-si üstünlikli). Ikinji orny ABŞ eýeledi (51 uçuş, 48-si üstünlikli). Kosmos uçuryşlarynyň sany boýunça liderleriň üçlügini Russiýa jemledi (25 uçuş, ählisi üstünlikli).

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......