Gazagystan elektrik energiýasynyň önümçiligini we importyny ýokarlandyrdy

  • 28.12.2021 19:38
  • 3.8k+

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanda elektrik energiýasynyň önümçiligi we importy 9,1 mlrd kWt/sag boldy, bu geçen ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 8% we şu ýylyň awgust aýyndaky görkezijiden 0,9% köpdür. Bu barada Trend Gazagystanyň statistiki maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Muny eastweststream.com ýetirýär.

2021-nji ýylyň dokuz aýynda bu görkeziji 85,3 mlrd kWt/sag boldy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, sekiz göterim köpdür.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanda elektrik energiýasynyň önümçiligi 9 mlrd kWt/sag (geçen ýylyň sentýabr aýyna garanyňda, ösüş 7,5% we şu ýylyň awgust aýyna garanyňda 2,5%), elektrik energiýasynyň importy 146,8 mln kWt/sag (degişlilikde, 53,5% ösüş we 48,2% pese gaçyş) boldy.
Gazagystan sentýabr aýynda 148,2 mln kWt/sag elektrik energiýasyny eksport etdi (2020-nji ýylyň sentýabr aýyna garanyňda 7,1% pese gaçyş we 2021-nji ýylyň awgust aýyna garanyňda, 20,1% ösüş), galan 9 mlrd kWt/sag içerki bazarda satyldy.
2021-nji ýylyň dokuz aýynyň jemi boýunça elektrik energiýasynyň eksporty 2,2 mlrd kWt/sag boldy (geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 55,5% ösüş).


19.05.2026 08:02
5.2k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
4.9k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

06.05.2026 09:48
5.4k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

23.04.2026 10:49
4.3k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......