Dünýä ykdysadyýeti ilkinji gezek 100 trln dollardan geçer

  • 28.12.2021 16:48
  • 4.8k+

2022-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň möçberi ilkinji gezek 100 trln dollardan geçer. Bu barada Britaniýanyň Ykdysady we biznes meseleleriniň gözleg merkeziniň (CEBR) hasabatynda aýdylýar diýip, Reýter ýazýar. 

Day.Az-yň ýetirmegine görä, CEBR 2030-njy ýylda dollar ekwiwalentinde Hytaýyň dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetine öwrüljekdigini çaklaýar. Bu dünýä ykdysadyýetleriniň geçen ýylky reýtinginde garaşylyşyndan iki ýyl soňdur. 

Mundan başga-da, Hindistan indiki ýyl Fransiýadan, soňra 2023-nji ýylda Beýik Britaniýadan öňe geçip, dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň sanawynda altynjy orna gaýdyp geler. 

“2020-nji ýyllar üçin esasy mesele dünýä ykdysadyýetleriniň häzir ABŞ-da 6,8%-e ýeten inflýasiýadan nähili baş çykaryp bilýänligidir” – diýip, CEBR-iň başlygynyň orunbasary Duglas MakUilýams aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, eger ýagdaýy gözegçilik astyna almak başartmasa, onda dünýä 2023-nji ýa-da 2024-nji ýylda çökgünlige taýýar bolmaly.

Hasabata görä, Germaniýa 2033-nji ýylda ykdysady derejesi boýunça Ýaponiýanyň yzyndan ýetmäge çalyşýar. Russiýa 2036-njy ýyla çenli dünýäniň iň gowy ykdysadyýetleriniň onlugyna girip biler, Indoneziýa bolsa 2034-nji ýylda dokuzynjy orny eýelemegi maksat edinýär. 


düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
811

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......