«Baýhan» restorany 30-njy dekabrda geçiriljek şüweleň agşamyna çagyrýar

  • 27.12.2021 10:25
  • 15k+

Aşgabat şäherindäki «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Baýhan» restorany Täze ýyl mynasybetli şüweleň agşamyny guraýar.

Şüweleňde ýörite taýýarlanan menýu, Täze ýyl äheňleri, baýramçylyk programmasy, baýraklardyr sowgatlar, tans toparlary restorana gelen her bir müşderiniň göwnünden turar. Meşhur ýyldyzlar DJ Arazik, Jelil, Jeren Halnazarowa, alyp baryjy Maksim Kadyrow, şeýle hem Täze ýylyň baş gahrymany Aýaz baba 30-njy dekabr agşamsy geçiriljek şüweleňi siziň üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrer.
Restorana giriş ýörite petekler arkaly amala aşyrylar. Myhmanlar bu agşamda ýörite taýýarlanan menýuny (her adama 550 manat) sargyt edip ýa-da diňe giriş tölegini töläp (her adama 150 manat) öz islegine görä tagamlary sargyt edip bilerler.
Täze ýylyň öň ýanynda maşgala agzalaryňyz, ýakynlaryňyz bilen medeniýetli dynç almak hem-de wagtyňyzy şadyýan geçirmek isleseňiz «Baýhan» restoranynyň guraýan şüweleň agşamyna gatnaşyň.
Şüweleň 30-njy dekabrda 18:30-da başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 90-38-03; 90-38-04; 72-64-13; 72-64-18

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......