«Balkanabat» ýod zawodynda kaustik soda, hlor we hlor önümleri öndüriler

  • 25.12.2021 16:44
  • 5.3k+

 “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynda kaustik sodanyň, hloryň we hlor önümleriniň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna — hususy kärhanalara “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen bilelikde “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Bu teklipleri Hökümetiň 24-nji dekabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow türkmen Lideriniň dykgatyna ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, “Balkanhimsenagat” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde “Balkanabat” ýod zawodynyň önümhanalarynyň durky täzelenenden soň, senagatda we lukmançylykda uly isleg bildirilýän himiýa önümleriniň öndürilişi ýola goýlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli tebigy-çig mal serişdeleriniň esasynda eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklary döretmegiň hem-de öňden barlaryny döwrebaplaşdyrmagyň we bu işe milli ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekillerini işjeň çekmegiň örän wajypdygyny nygtap, wise-premýere içerki we daşarky bazarlarda islegleriň durnukly artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda ýokary hilli himiýa önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini içgin seljermegi tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......