MHL-iň oýunçylary Pekinde geçiriljek Olimpiada gatnaşmazlar

  • 24.12.2021 07:39
  • 5.4k+

Milli hokkeý ligasynyň (MHL) oýunçylary 2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaz diýip, MHL-iň metbugat gullugy habar berýär. Muny Day.Az ýetirýär. 

21-nji dekabrda MHL-iň 130-dan gowrak oýunçysynyň kowid-teswirnamasyndadygyny göz öňünde tutýan hasabat neşir edildi. Liga birnäçe klublaryň oýunlaryny näbelli möhlet bilen yza süýşürdi.

“Milli hokkeý ligasy MHL-iň oýunçylarynyň öz ýurdunyň wekili bolup, iň gowy ýaryşlara gatnaşmak isleglerine hormat goýýar we buýsanýar. Şoňa görä-de, biz oýunçylarymyza 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ähli wariantlary öwrenip, bu karara mümkin boldugyndan uzak garaşdyk” – diýip, MHL-iň komissary Geri Bettmen aýtdy.

2020-nji ýylyň 11-nji iýulynda MHL oýunçylaryň professional birleşigi bilen toparlaýyn şertnama baglaşdy, onda ligada çykyş edýän hokkeýçileriň Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) we Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) bilen ylalaşyk gazanylan ýagdaýynda 2022-nji we 2026-njy ýyllardaky Olimpiada gatnaşjakdygy aýdylýar.
Phýonçhanda geçirilen mundan öňki gyşky Olimpiada MHL-iň oýunçylarynyň gatnaşmazlygynda geçirildi. Şonda HOK, IIHF hem-de MHL ylalaşyp bilmedi we liga olimpiýa ýaryşy wagtynda yzygiderli çempionatyň arasyny kesmekden ýüz öwürdi. Olimpiýa hokkeý ýaryşy MHL-iň oýunçylarynyň gatnaşmagynda 1998-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçirildi.
Pekindäki Olimpiada 4 – 20-nji fewralda geçiriler, erkekleriň hokkeý ýaryşy 9-njy fewralda başlar.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

02.06.2026 00:00
3.9k+

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Finlýandiýanyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynda Şweýsariýanyň toparyny utdy. Ýaryş Sýurih şäherinde geçirildi. Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk goluň awtory goşmaça wagtda......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....