ABŞ-da ilatyň köpelişiniň taryhda iň pes depgini hasaba alyndy

  • 23.12.2021 19:45
  • 4.1k+

Amerikan häkimiýetleri ABŞ-nyň taryhynda ilat sanynyň köpelişiniň iň pes depginini hasaba aldylar, migrasiýa köpelişi bolsa ilkinji gezek tebigy köpelişden ýokary boldy. Bu barada ABŞ-nyň hökümetiniň Ilat ýazuwy býurosynyň hasabatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň hasaplamalaryna görä, ýurduň ýaşaýjylarynyň sany senenama ýylynda, takmynan, 392 665 san ýa-da 0,1% artdy (2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2021-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda). “Haýal ösüş depginini arassa halkara migrasiýasynyň peselmegi, çaga dogluşynyň azalmagy we COVID-19 pandemiýasy sebäpli ölüm derejesiniň ýokarlanmagy bilen düşündirip bolar” – diýip, býuro belleýär.

Döwlet guramasynda ilatyň köpelişiniň 148 043 adama ýeten tebigy köpelişiň (doglanlaryň sanynyň aradan çykanlaryň sanyndan köp bolmagy) we 244 622 adama barabar bolan arassa halkara migrasiýasynyň hasabyna bolandygy bilen düşündirilýär. Býuro ilatyň migrasiýa köpelişiniň ilkinji gezek tebigy köpelişden ýokary bolandygyny hem belleýär.

“2020-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygynda 33 ştatda ilatyň köpelişi hasaba alyndy, 17 ştatda we Kolumbiýa okrugynda ilat azaldy, olaryň 11-sinde azalma 10 müňden gowrak adama barabar boldy. Bu bir ýylda ilatyny ýitiren ştatlaryň sanynyň örän köp bolmagydyr” – diýlip, hasabatda bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde býuro Tehasda ilatyň hasam köpelendigini habar berýär.

Häzirki wagtda ABŞ-da, takmynan, 332 mln adam ýaşaýar.


şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......