Google-yň Pixel 6 flagmany ýylyň iň gowy smartfony diýlip ykrar edildi

  • 23.12.2021 18:26
  • 2.8k+

Android Authority neşiri iň gowy smartfonlaryň sanawyny çap etdi. Neşiriň redaktorlarynyň pikiriçe, baha-hil gatnaşygy boýunça iň gowy smartfon diýlip, Google Pixel 6 saýlandy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Reýtingiň awtorlary 600 dollarlyk bu smartfonda ulanyjylaryň köpüsine zerur zatlaryň ählisiniň bardygyny bellediler. Gadjetler üçin köp pul tölemäge taýyn adamlar tehnikadan brend üçin mümkin bolan zatlaryň ählisine garaşýarlar. Şonuň üçin esasy funksiýalary isleýänleriň köpüsi üçin Pixel 6 iň oňat saýlaw bolup durýar.
Reýtingde ikinji orny markanyň iň gowy funksiýalaryny özünde jemlän Samsung Galaxy S21 Ultra eýeledi. Pixel 6 Pro we Galaxy Z Fold3 bilelikde üçünji ýeri eýelediler. Bu modeller, portalyň redaktorlarynyň pikiriçe, Pixel 6-da we Galaxy Z Flip3-de ýetmezçilik edýän teleobýektiwler bilen enjamlaşdyrylandyr.


19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....