Türkmenistan geljek ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk eder

  • 22.12.2021 11:54
  • 7.6k+

21-nji deabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, “BMG — Zenanlar” düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda “Ra edat” guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. 

Mejlisiň çäklerinde dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy. Bellenilişi ýaly, döredilmeginiň birinji ýylynyň dowamynda dialog Merkezi Aziýada zenanlar üçin ýokary derejeli baglanyşdyryjy syýasy binýat bolup hyzmat etdi.

Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda bu gurama başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana berildi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenmesi kabul edildi.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam bermeginde sebitde zenanlary goldamak, syýasy, ykdysady we durmuş ornuny ýokarlandyrmak hem-de olaryň durnukly ösüşi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek ýagdaýyna has uly täsir ýetirmäge mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, resmi däl sebit binýady hökmünde döredildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......