“Barselona” Kawani bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşmagy ylalaşdy

  • 21.12.2021 20:22
  • 9.5k+

«Mançester Ýunaýtediň» hüjümçisi Edinson Kawani ýakyn wagtda “Barselonanyň” oýunçysy bolar. Ispan topary futbolçy bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşmak barada eýýäm ylalaşdy. Bu barada Sport.es habar berýär diýip, www.championat.com belleýär.

34 ýaşly Kawani ýanwar aýynyň başynda “Barselona” bilen şertnama baglaşmaly. Häzirki wagtda urugwaýly oýunçy häzirki kluby bilen şertnamanyň ýatyrylmagyna garaşýar. “Barselona” beýleki hüjümçileri hem gözden geçirdi, ýöne Kawanini saýlamak kararyna geldi. Bu urugwaýly oýunçynyň geçmäge gyzyklanma bildirýändigi, şeýle-de onuň “Barselonanyň” Ispaniýanyň çempionatynda bar bolan aýlyk hakynyň çäginden çykmazlygy üçin ilkinji ýarym ýylda aýlyk hakynyň peseldilmegine razy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. 
Kawani 2020-nji ýylyň güýzünde “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy boldy. Häzirki möwsümde ol APL-iň bäş oýnunda bir gol bilen tapawutlandy. Kawaniniň şertnamasynyň möhleti şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.


düýn 19:10
3.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....