Alžir Arap Milletleriniň Kubogy-2021 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

  • 21.12.2021 20:06
  • 3.7k+

Alžir Arap Milletleriniň Kubogy-2021-iň final duşuşygynda goşmaça wagtda Tunisiň milli ýygyndysyny ýeňip, ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu barada www.sovsport.ru habar berdi.

Finalda Alžir Tunisiň milli ýygyndysyndan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşygyň esasy wagty deňlikde - 0:0 hasabynda tamamlandy. Goşmaça wagtyň dowamynda Alžir 99-njy we 120+5-nji minutlarda gol geçirip, garşydaşyny ýeňlişe sezewar etdi. Gollary Amir Saýud we Ýasin Braimi tora girizdi.
Bäsleşigiň bürünç medalyna üçünji orny eýelemek ugrunda geçirilen oýunda Müsüri 3:0 hasabynda ýeňen Katar mynasyp boldy.


düýn 20:39
3.8k+

CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy...

düýn 09:14
7.1k+

Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi...

27.01.2026 22:40
5.8k+

«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi.  18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy...

25.01.2026 23:14
4.8k+

Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy

«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir...