Avito dünýäde iň meşhur bildirişler saýty boldy

  • 19.12.2021 19:57
  • 3.1k+

Similar Web analitika kompaniýasy iň meşhur bildirişler saýtlarynyň täze dünýä reýtingini çap etdi. Bu barada kompaniýa salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Reýtingde, garaşylmadyk ýagdaýda, Avito bildirişler saýty birinji orny eýeledi. Jemlenen statistiki maglumatlara görä, noýabr aýynda Avito saýtyna 279,6 million ulanyjy, ortaça, 11 minutlyk girip gördi. Bu döwürde ulanyjylar, ortaça, 11,72 sany bildirişli sahypany açmaga ýetişdiler. Bularyň bary jemlenip, Avito-ny özi ýaly saýtlaryň arasynda iň meşhuryna öwürdi.

Deňeşdirmek üçin bellesek, reýtingiň öňki lideri Amerikanyň Craiglist kompaniýasy noýabr aýynda 276,92 million adamy hasaba aldy. Olar saýtda, ortaça, 8 minut eglendiler we şol wagtyň dowamynda 10,19 sahypa girip ýetişdiler.

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......