TikTok iýmit eltip berme hyzmatyny ýola goýar

  • 19.12.2021 19:45
  • 3.3k+

Bloomberg TikTok-yň ABŞ-da iýmit eltip berme hyzmatyny ýola goýmakçy bolýandygyny mälim etdi. Sosial ulgam tagamlary isleglere laýyklykda getirer diýip, msn.com ýazdy.

Bu eltip berme hyzmaty TikTok Kitchen diýlip atlandyrylar. Ony 2022-nji ýylyň mart aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Taslama üçin TikTok Virtual Dining Concepts kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder.
TikTok ABŞ-da birinji tapgyrda 300 sany, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa 1000-den gowrak aşhana açar. Menýuda programmanyň iň meşhur tagam taýýarlaýyş usullary ýerleşdiriler. Mysal üçin, fetaly bişirilen pasta, peýnirli makarondan edilen çipsler, gamburgerler we parmesanly mekgejöwen taýajyklary. Tagamlaryň bahalarynyň Virtual Dining Concept-iň beýleki brendleriniňkiden arzan boljakdygy aýdylýar.
Şeýle hem TikTok restoran girdejilerini reseptiň awtorlary bilen paýlaşjakdygyny aýtdy.

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......