21-nji dekabrda Arkalaşygyň ştab-kwartirasynda GDA ýurtlarynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler

  • 19.12.2021 19:43
  • 4.5k+

2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşygyň agza döwletleriniň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu barada cis.minsk.by habar berýär.

Hemişelik wekilleriň geňeşiniň agzalary ýedi meselä garamagy göz öňünde tutýarlar. Şolaryň arasynda Belarus Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygynyň netijelerini jemlemek, 2021-nji ýylda GDA-nyň mundak beýläk-de ösdürilmegi üçin Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bar.

Hemişelik doly ygtyýarly wekiller GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Duşanbe şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň gün tertibine teklipleri taýýarlamak meselesine hem serederler.  

Mundan başga-da, mejlisde Arkalaşygyň agza döwletleriniň Arkalaşygyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň alyp barýan işleriniň netijeleri we GDA-ny ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri göz öňünde tutup, onuň 2022-nji ýyldaky iş meýilnamasy üçin teklipler barada gürrüň ediler.


20.04.2026 15:31
1.8k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

11.03.2026 18:42
3.9k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar...

24.01.2026 09:32
2.5k+

Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...