Lewandowskiý Gerd Mýulleriň rekordyny täzeledi

  • 18.12.2021 23:47
  • 6.6k+

Germaniýanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň oýnunda “Bawariýa” futbol kluby 4:0 hasabynda “Wolfsburgy” ýeňdi. Duşuşyk Mýunhendäki “Alýans-Arenada” geçirildi. 

Gol geçirmekde Tomas Mýuller (7-nji minut), Daýo Upamekano (57), Leroý Sane (59) we Robert Lewandowskiý (87) tapawutlandy. Polşaly hüjümçi şu senenama ýylynda 43-nji goluny geçirip, ýurduň çempionatynda 1972-nji ýyldan bäri saklanýan Gerd Mýulleriň (42) rekordyny täzeledi. Bu barada TASS habar berýär.
Mýunheniň kluby şu ýyl iň soňky oýnuny oýnady. Häzirki möwsümde 33 ýaşly Lewandowskiý Germaniýanyň çempionatynyň 17 oýnunda 19 gol girizdi.
Hüjümçi şu möwsümde “Bawariýa” we Polşanyň milli ýygyndysy üçin ähli ýaryşlarda 69 gol geçirdi, bu hem 2021-nji ýylda dünýäde iň gowy netije we XXI asyrda ikinji görkezijiniň gaýtalanmasy boldy – portugaliýaly Kriştianu Ronaldu 2013-nji ýylda şonça gol geçiripdi. Rekord 2012-nji ýylda 91 gol girizen argentinaly Lionel Messä degişlidir.
“Bawariýa” ýurduň birinjiliginiň häzirki möwsüminde bassyr bäşinji ýeňşini gazandy we turnir jedwelinde 43 utuk bilen birinji orny eýeleýär. “Wolfsburg” 20 utuk bilen jedwelde 12-nji orny eýeleýär. 
Indiki oýunda “Bawariýa” 7-nji ýanwarda Mýonhengladbahdan “Borussiýany” kabul eder. “Wolfsburg” 9-njy ýanwarda myhmançylykda “Bohum” bilen oýnar. 


düýn 20:02
4.9k+

«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär

Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi....

düýn 11:22
4.8k+

Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar

Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy....

15.05.2026 17:43
3.1k+

Ançelotti Braziliýanyň milli futbol ýygyndysy bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy

Italiýaly tälimçi Karlo Ançelotti Braziliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen şertnamasyny 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Bu barada Braziliýanyň Futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär....

15.05.2026 08:01
2.7k+

«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy

Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28......