Türkmenistanda gowaça ekilýän ýerler azaldylyp, ornuna ýeralma we gök ekinler ekiler

  • 18.12.2021 18:51
  • 12k+

Türkmenistanda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy. Bu barada Hökümetiň 17-nji dekabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça her ýylda 620 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasyly alynýar. Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy. Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edilýär. Şol sanda, Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Mary welaýatynda bolsa 30 tonna goşmaça pile öndürilip, piläniň öndüriljek mukdary 2 müň 300 tonna ýetiriler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......