Aguero 15-nji dekabrda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eder

  • 15.12.2021 01:22
  • 8k+

«Barselonanyň» metbugat gullugy 15-nji dekabrda hüjümçi Serhio Agueronyň we klubyň prezidenti Žoan Laportanyň gatnaşmagynda metbugat ýygnagynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Onda oýunçynyň geljegi barada aýdylar diýip, championat.com habar berdi.

Ýygnak «Kamp Nou» stadionynda geçiriler. Bu metbugat ýygnagynda Agueronyň saglyk meseleleri sebäpli karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etmegine garaşylýar.
Ýadymyzda bolsa, Ispaniýanyň çempionatynyň 12-nji aýlawynyň “Alawes” (1:1) bilen geçirilen oýnunyň birinji ýarymynda hüjümçi tahikardiýa sebäpli çalşylypdy. Şonda seresaplylyk üçin oýunçy meýdançadan çykaryldy. Duşuşykdan soň Agueronyň özüni duýşunyň gowudygy habar berildi. Soňra bolsa hüjümçiniň ýürek meselesi sebäpli azyndan üç aýlap oýnamajakdygy belli boldy.
Aguero şu ýylyň iýul aýynda "Mançester Siti"-den "Barselona" geçdi.


düýn 09:55
3.7k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
6.7k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.5k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......