Habib BAE-de we Saud Arabystanynda futbol agentligini döretdi

  • 15.12.2021 01:29
  • 16k+

UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow täze futbol gullugyny döretdi. Bu barada www.tatar-inform.ru habar berýär.

UFC-niň öňki çempiony BAE-niň, Saud Arabystanynyň we Ýewropanyň klublaryna satmak üçin ýaş futbolçylary taýýarlamagy maksat edinýär. Muny ýakynda Nurmagomedowyň özi metbugat ýygnagynda mälim etdi.

“Biz futbol ugrundan öseris. Zeedorf bilen bilelikde Russiýada mekdep açmagy meýilleşdirýäris. Eagles sports management sport klublary üçin maslahat hyzmatlaryny berer. Entek işler dowam edýär, biz futbolçylary, çagalykdan ýaş ýigitleri çekeris. Eger-de sen 15-16 ýaşyňdakaň güýçli toparda oýnamasaň, hiç zat çykmaz. Biz olaryň öňüne düşüp, BAE, Saud Arabystany, şeýle hem Ýewropa çempionaty ýaly, beýleki ligalara ýerleşdireris"-diýip, TASS Nurmagomedowyň sözlerini getirýär.


şu gün 15:58
287

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 13:42
1.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 15:42
7.6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......