“Time” žurnaly boýunça, koronawirusa garşy sanjym döredijiler “Ýylyň gahrymanlary” boldular. Gazet munuň sebäpleri barada jikme-jik gürrüň berýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Makalada dört hünärmen, ýagny immunolog Kizzmekiýa Korbett, Amerikanyň CDC düzgünleşdirijisiniň müdiriniň orunbasary Barni Grem, wengriýaly biohimik Katalin Kariko we amerikaly biohimik Drýu Waýsman barada aýdylýar. Olaryň ählisi täsirli mRNK-sanjymlaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýarlar.
“Bu dört hünärmen şeýle tagallada ýeke bolmasalar gerek – bütin dünýäniň alymlary köp sanly platformalary we tehnologiýalary ulanyp, COVID-19-a garşy sanjym öndürdiler. Şeýle-de bolsa, Korbett, Grem, Kariko we Waýsman mRNK esaslanýan innowasion we ýokary derejede täsirli sanjym bazasyny hödürlemek bilen möhüm üstünlik gazandylar, bu bolsa pandemiýadan daşary hem biziň saglygymyza we abadançylygymyza täsirini ýetirer” – diýip, makalanyň awtorlary bellediler.
mRNK-sanjymlaryna Moderna we Pfizer/BioNTech kompaniýalarynyň koronawirusa garşy sanjymlary degişlidir. Olar DNK-da ýazylan maglumatlaryň esasynda sintezlenýän we belli bir belogyň aminokislota yzygiderliligi barada maglumatlary saklaýan matrisa ribonuklein kislotasyndan (mRNK) durýar.
Bir ýyl mundan öň “Time” “gyzyl zonalarda” işleýän we COVID-19 bilen göreşýän lukmanlary ýylyň goragçysy diýip atlandyrdy. Olaryň arasynda ABŞ-nyň ýokanç keselleri boýunça baş hünärmeni Entoni Fauçi aýratynlandyryldy.