Türkmen Lideri «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly täze goşgy ýazdy

  • 13.12.2021 19:13
  • 13k+

12-nji dekabrda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllygynyň dabaralarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Kabul ediş merkezinde guralan baýramçylyk kabul edişliginde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, dabara gatnaşyjylara “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze goşgusyny okap berdi.

Türkmen Lideri dabarada eden çykyşynda BMG agza döwletler tarapyndan 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda-da ýylyň şygarynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilendigini belledi. Her ýylyň 12-nji dekabrynda dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýändigini buýsanç bilen nygtap, döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly täze goşgusyny okap berdi. Awtor goşguda adamzada uruşlary bes edip, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge çagyryş bilen çykyş edýär.


düýn 23:23
1k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....