Niderlandlar Rembrandtyň “Baýdak göteriji” suratyny 150 mln ýewro satyn alar

  • 12.12.2021 08:44
  • 3.9k+

Niderlandlaryň hökümeti häzirki wagtda Fransiýada hususy kolleksiýada saklanýan niderlandly suratkeş Rembrandt wan Reýniň (1606-1669) “Baýdak göteriji” suratyny satyn almak üçin 150 million ýewro bermäge taýyn. Bu barada niderlandly habar beriş serişdelerine salgylanyp, TASS habar berdi.

Habar berilmegine görä, surat Rotşildleriň maşgalasyna degişli bolup, olar bu sungat eserini ýakyn wagtda satmagy maksat edinýärler. Fransuz hökümeti ony satyn almak meýilnamalaryndan ýüz öwürdi we eksport ygtyýarnamasyny bermek meýlini mälim etdi. Niderlandlaryň Döwlet muzeýi bolsa öz gezeginde suraty almak üçin mümkin bolan ähli zady etmek isleýändigini aýtdy, ýöne şol bir wagtyň özünde zerur serişdeleriň ýoklugyna ünsi çekdi.

2019-njy ýylda Rembrandtyň hususy eýeçilikdäki iň möhüm eseri hasaplanýan "Baýdak göteriji" suraty Niderlandlarda sergä çykaryldy. Şol wagt onuň bahasy 165 million ýewro barabardy.

Eger-de satyn almak başa barsa, surat ilki bilen ýurduň 11 welaýatyna aýlap görkeziler. Şondan soň surat Niderlandlaryň Milli muzeýiniň Şöhrat zalynda ýerleşdiriler.


13.03.2026 16:15
1.5k+

Amsterdamda Meta lenta sazlamalaryny wagtynda düzetmändigi üçin 10 mln ýewro jerime salyndy

Amsterdamyň Arza-şikaýat kazyýeti Meta kompaniýasyny öz platformalarynyň we sosial torlarynyň işine wagtynda üýtgetme girizmändigi üçin 10 million ýewro möçberinde jerime çekmäge höküm etdi. Bu karar Ýewropanyň «Sanly hyzmatlar baradaky kanunynyň» talaplaryna esaslanýar...

11.03.2026 10:27
5.7k+

Niderlandly arhitektorlar Ýerewanda Ararat dagynyň panorama görnüşini açýan ylmy merkezi gurýarlar

Niderlandlaryň MVRDV binagärlik firmasy Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Inženerçilik we amaly ylymlaryň konwergensiýa merkezi EU Tumo-nyň adaty bolmadyk binasynyň gurluşygyna başlady. Geljekki bina Razdan derýasyna we Ararat dagyna bakýan daglyk ýerde ýerleşer...

09.03.2026 12:25
5.5k+

Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr...

03.03.2026 14:57
1.4k+

Aýdym-saz we sungat eserleri güýçli emosiýa döredýärmi? Alymlar munuň sebäbini genlerden tapdylar

Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär...