Hünärmen: pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy

  • 07.12.2021 23:54
  • 3.6k+

Pandemiýanyň iki ýylynda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy. Bu barada Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Elektroaragatnaşygyň ösüş býurosynyň müdiri Dorin Bogdan Martin Polşanyň Katowise şäherinde açylan BMG-niň internet pudagynda döwlet syýasaty boýunça 16-njy ýyllyk forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Soňky iki ýylda internet ulanyjylaryň sany 17% ýokarlandy. Bu biziň soňky 10 ýylda gören iň uly ösüşimizdir. Şeýle-de bolsa, biz 2,9 mlrd adamyň ýa-da dünýä ilatynyň 37%-iniň hiç haçan internete birikmändigini bilýäris” – diýip, Bogdan Martin aýtdy. “Bu adamlar pandemiýa döwründe hem işe, bilime, köp hyzmatlara, maglumatlara elýeterli bolmadylar” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Müdiriň belleýşi ýaly, dünýäde 4,9 mlrd adam internete girmekde dürli kynçylyklara sezewar bolýar. Bu işiň ýa-ha bahasy, ýa-da durnuklylygy we tizligi bilen baglanyşyklydyr.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça orunbasary Lýu Çženmin hem Katowisedäki forumda çykyş edip, bütin adamzadyň ýarysyna golaýynyň henizem internete we sanly tehnologiýalara elýeterli däldigini belledi.

BMG-niň ýyllyk forumy Katowisede “Birleşen internet” şygary bilen geçirilýär. Guramaçylaryň habar bermegine görä, 10-njy dekabra çenli 175 ýurtdan, takmynan, 1 müň gatnaşyjy 250 diskussiýanyň dowamynda internetiň ösüşi bilen bagly alty esasy meseläni uzak aralykdan ýa-da ýerinde ara alyp maslahatlaşar.

Foruma dürli ýurtlaryň hökümetleriniň we parlamentleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy sektoryň, ylym we tehnika dünýäsiniň wekilleri gatnaşýar. 

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......