Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlary hakdaky "Hatyra" kitabynyň üsti ýetirilen ikinji tomy çapdan çykdy

  • 07.12.2021 08:47
  • 12k+

«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň ikinji tomy çapdan çykdy. Ol Balkan welaýatynda önüp-ösen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, ýaralanma zerarly hassahanalarda aradan çykan hem-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlandy.

Täze neşirde bellenilişi ýaly, bar bolan maglumatlara görä, Balkan welaýatyndan goşuna 35 müňe golaý adam çagyrylyp, urşa giden balkanly esgerleriň 8 müň 938-den gowragy Ýeňiş üçin şirin janlaryny gurban edip, mähriban ojaklaryna dolanyp gelmediler. Şeýle hem neşirde sylag hatlary we suratlary tapylan türkmen halkynyň edermen ogullary we gyzlary hakynda maglumatlar getirilýär. Kitapda frontdan gelip gowşan hatlaryň, uruş ýyllarynda, şeýle hem häzirki günlerde joşgun bilen ýazylan goşgularyň nusgalary ýerleşdirildi.

Maglumatlaryň giň dokumental binýady dürli çeşmelerden alyndy. Olar Balkan welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň harby wekillikleriniň, durmuş-üpjünçilik bölümleriniň arhiwlerinden, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryndan, şahsy maglumatlardan, ylmy makalalardan, döwürleýin neşirlerden ybaratdyr.

Kitabyň sahypalarynda ildeşlerimiziň söweş edermenligi barada gürrüň berilmeýär, emma resmi maglumatlar arkaly tutuş nesliň terjimehaly bilen tanşyp bolýar. Täze neşirde esgerleriň doglan, wepat bolan, jaýlanan senesi we ýeri, harby derejesi hakynda maglumatlardan başga-da, olaryň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar berilýär.


düýn 11:24
4.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
3.9k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

15.06.2026 15:47
9.7k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....