Ilon Maskyň Tesla kompaniýasy çagalar üçin kwadrosiklleri tanyşdyrdy

  • 04.12.2021 11:46
  • 6.3k+

Amerikaly awtoulag öndürijisi Ilon Mask Cyberquad for Kids elektrikli kwadrosiklini tanyşdyrdy. Ol Teslanyň Cybertruck 2019 awtoulagyndan täsirlenip döredildi diýip, ferra.ru habar berdi.

Tesla-nyň iň arzan awtoulagy bilen deňeşdirilende, kwadrosikliň 1900 dollar bahasy has arzan görünýär diýip, çeşme belleýär.
Adyndan belli bolşy ýaly, bu ulag birneme kiçiräkdir. Tesla onuň 8 we ondan uly ýaşly adamlar üçin hem gabat gelýändigini öňe sürse-de, Cyberquad for Kids 68 kilograma çenli agram üçin niýetlenendir. Şonuň üçin hem ol ulular üçin gaty kiçi bolup görünýär.
Tesla, kwadrosikliň ätiýaçlyk ýolunyň 24 kilometr aralykdygyny, onuň iň ýokary tizliginiň sagatda 16 kilometrdigini öňe sürýär.


01.04.2026 15:29
856

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.3k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...