Bloomberg 2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawyny hödürledi

  • 04.12.2021 11:42
  • 10k+

Bloomberg agentligi öz saýtynda 2021-nji ýylda dürli iş ugurlarynda hyzmatlary ykrar edilmäge mynasyp bolan 50 adamyň, şeýle-de dünýä täsirini ýetiren hadysalaryň sanawyny neşir etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Agentlik tarapyndan düzülen reýtinge işewürlik, güýmenje, maliýe, syýasat, ylym we tehnologiýa dünýäsiniň wekilleri girdi. Şeýlelikde, “işewürlik” kategoriýasyna beýlekiler bilen bir hatarda Ford kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jim Farli, Discovery teleýaýlymynyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Dewid Zaslaw hem-de Pfizer-iň baş direktory Albert Burla goşuldy.

“Maliýe” kategoriýasyna Amazon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň aýrylyşandan soň dünýäniň iň baý adamlarynyň birine öwrülen öňki aýaly Makkenzi Skott girdi. Bu ýerde Meme Stock ýa-da mem-aksiýalary atly hadysa hem ýerleşdi. Bu kompaniýanyň gowy işiniň netijesinde däl-de, sosial ulgamlarda we forumlarda ýüze çykan galmagal sebäpli ýokarlanan aksiýalardyr. 

Agentlik “syýasat” bölüminde russiýaly bloger Alekseý Nawalnyýny we 2020-nji ýylyň ahyrynda tussag edilen Gonkongyň oppozision magnaty Jimmi Laýy ýerleşdirdi.

NASA Ingeniuity taslamasynyň ylmy ýolbaşçysy, ilkinji Mars dikuçaryny dörediji Mimi Ong “ylym we tehnologiýa” rubrikasyna goşuldy. Onda 28-nji oktýabrdan Meta diýlip atlandyrylan Facebook amerikan korporasiýasynyň öňki işgäri, kompaniýanyň işi barada köpçülige maglumat berýän Frensis Haugen hem görkezildi. “Güýmenje” kategoriýasyna doly sanly eseri Londondaky auksionda 69,3 mln dollara satylan amerikaly suratkeş Maýk Winkelmann girdi. Bu bölümde amerikaly aýdymçy Britni Spirs hem ýerleşdi.

Şeýle-de, agentlik dürli ýyllarda eýýäm sanawa giren, şonuň üçin “top-50-ä” gaýtadan girip bilmeýän adamlary goşmaça belledi. Olaryň arasynda 30-njy noýabrda Forbes-iň wirtual şöhrat zalyna giren, Ethereum kriptowalýutasyny dörediji Witalik Buterin bar.

şu gün 14:24
1k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

şu gün 14:06
1.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

şu gün 14:01
1.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

şu gün 14:00
600

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......