Samsung 2022-nji ýylda Galaxy Note smartfonlaryny çykarmagy bes eder

  • 29.11.2021 01:49
  • 5.7k+

ETNews neşiri Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasynyň täze ýyldan başlap Galaxy Note seriýaly smartfonlaryň  goýberilmegini bes etmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Muny msn.com ýetirdi.

2020-nji ýylda Galaxy Note 20 çykaly bäri Samsung-yň bu enjamdan, takmynan, 3,2 million sanysyny öndürendigi aýdylýar. Netijede, ol bu seriýanyň iň soňky smartfony bolar diýlip öňe sürülýär. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ahyrynda žurnalistleriň pikiriçe, kompaniýa Galaxy Note 20-niň önümçiligini bes eder.

Kompaniýa indiki ýyl özüniň önümçilik kuwwatyny Fold4 we Flip4 çeýe smartfonlaryny öndürmäge gönükdirer diýlip habar berildi. Şol bir wagtyň özünde, Galaxy Note hatarynyň muşdaklary üçin flagman Galaxy S22 Ultra modeline Note-y Galaxy S-den tapawutlandyrýan käbir aýratynlyklar goşular. Esasan hem Galaxy S22 Ultra-da “S Pen” stiliniň uly ekrany we goldawy peýda bolar diýlip garaşylýar.


09.05.2026 16:36
3.6k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

07.05.2026 20:52
2.7k+

Samsung Aziýanyň ikinji trillion dollarlyk kompaniýasy boldy

Samsung Electronics kompaniýasy TSMC-den soň bazar kapitallaşmasy 1 trillion dollardan geçen ikinji Aziýa kompaniýasy boldy. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary emeli aň çiplerine bolan güýçli......

06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......

23.04.2026 03:54
2.5k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......