Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.

  • 29.11.2021 02:12
  • 17k+

Soňky birnäçe aýyň içinde Internetde haýsy smartfonyň ilkinji bolup 200 megapiksel kamera eýe boljakdygy barada dürli myş-myşlar ýaýrady. Bu enjamyň ýakyn wagtda çykarylmagy mümkin diýip, GSMArena ýazýar. Muny pcnews.ru habar berýär.

Internet-insaýderleriň berýän maglumatyna esaslansaň, eýýäm 2021-nji ýylyň dekabrynda Motorola-nyň täze önümi - Moto Edge X satuwa çykarylar. Bu smartfonyň 200 megapiksellik Samsung ISOCELL HP1 datçigi bilen enjamlaşdyrylan ilkinji smartfon bolmagyna garaşylýar.

Mundan öň 2022-nji ýylyň başynda anons ediljek Xiaomi 12 Ultra-nyň şeýle smartfon boljakdygy aýdylýardy. Şeýlelik bilen, myş-myşlaryň dogrudygy subut edilse, Motorola Xiaomi-den öňe geçer we 2021-nji ýylyň ahyryna çenli 200 megapikselli smartfonyny çykarar.

Öňki maglumatlarda Moto Edge X-nyň esas hökmünde Snapdragon 8 Gen 1 çipini aljakdygyny aýdylypdy. Ol meşhur AnTuTu synagynda enjamyň 1 milliondan ýokary bal almagyna mümkinçilik döredip biler.


şu gün 01:22
265

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....

düýn 20:40
2.4k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

düýn 14:27
1.5k+

iPhone 17 Pro zarýad almak tizligi boýunça synagda iň gowy netije görkezdi

CNET neşiriniň redaksiýasy iň çalt zarýad alýan modelleri kesgitlemek maksady bilen 33 sany smartfony synagdan geçirdi we ähli görkezijileriň jemi boýunça iň gowy netijäni iPhone 17 Pro görkezdi....

düýn 11:49
1.7k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......