WhatsApp-yň web wersiýasy täze ýörite funksiýa bilen üpjün ediler

  • 29.11.2021 02:18
  • 4.3k+

Ýakynda WhatsApp-yň web wersiýasynyň çykaryljakdygy barada ýazypdyk. Indi bolsa messenjeriň web wersiýasynyň özüne mahsus mümkinçilige hem eýe boljakdygy mälim edildi. Bu barada The Verge salgylanyp, pcnews.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, ulanyjylar web wersiýada WhatsApp-dan çykman, öz isleýän stikerlerini döredip bilerler. Munuň üçin gerekli gurallar toplumy ýerleşdirildi. Şeýlelikde, kompaniýa adamlary öz isleýän stikerini döretmek üçin başga bir programmalary ýükläp almak zerurlygyndan halas etdi.

Täze funksiýadan peýdalanmak üçin iňňebagjygyň şekiljigine basyp, ol ýerdenem "Stikerler" diýlen bölümi saýlamaly bolar. Şondan soňra ol ýerde öz isleýän suratyňy saýlamak we ugratmak ýeterlikdir.

Bu funksiýanyň WhatsApp-yň mobil wersiýasynda hem bolup-bolmajakdygy barada heniz belli bir maglumat ýok. Ýöne onuň mobil wersiýa üçin has amatly bolup biljekdigi aýdylýar.

şu gün 00:57
1.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
671

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
737

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......