«NFT» 2021-nji ýylyň esasy sözi diýlip saýlandy

  • 27.11.2021 08:13
  • 4.3k+

Collins English Dictionary sözlügi "NFT" (non-fungible token) gysgaltmasyny 2021-nji ýylyň esasy sözi hökmünde ykrar etdi. Bu barada The Guardian-a salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Sözlügiň özüne görä alnanda, bu söz "blokçeýnde hasaba alnan we sungat eseri ýa-da kolleksiýa predmeti ýaly emläklere eýeçilik hukugyny hasaba almak üçin ulanylýan özboluşly sanly şahadatnama" diýmegi aňladýar.

Şol bir wagtyň özünde, "NFT"-den başga-da, “iki gezek sanjym alan” (double-vaxxed) we “gibrid iş tertibi” (hybrid working) ýaly sözler hem 2021-nji ýylyň esasy sözi bolmaga dalaş etdiler. Olardan “gibrid iş tertibi” jümlesi COVID-19 pandemiýasynyň iň ýokary derejesine ýetip gaýdandan soň, uzak aralykdan iş tertibine derek işe hepdede birnäçe gün baryp başlamak bilen bagly has ýygy duş gelýär.

Ýeri gelende bellesek, Oksford sözlügi "vax" ("sanjym") sözüni 2021-nji ýylyň esasy sözi hökmünde ykrar edipdi.


25.03.2026 15:47
10k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...

13.11.2025 11:16
5.2k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

23.05.2025 13:00
14k+

15 ýyl ozal 10 müň bitkoine iki pizza satyn alypdyrlar, şu gün bu mukdara 70 mln pizza düşýär

2010-njy ýylyň 22-nji maýynda amerikaly programmist Laslo Hanes taryhda ilkinji gezek bitkoini haryt satyn almak üçin ulanýar. Ol «Papa John’s-dan» iki pizza üçin 10 müň BTC töläpdi, şol wagt onuň gymmaty bary-ýogy 40 dollar töweregindedi...