Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolanlara her aýda goşmaça hak töleniler

  • 25.11.2021 19:28
  • 21k+

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna myansyp bolanlara her aýda goşmaça hak töleniler. TmCars.info bu barada giňişleýin habar berýär.

2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak töleniler.
Bu goşmaça haky almak üçin hormatly adyna mynasyp bolan eneler öz ýaşaýan ýeri boýunça pensiýa gaznasynyň ýerli bölümine «Ene mähri» diýen hormatly adynyň şahadatnamasynyň nusgasyny tabşyrmagy ýeterlikdir.
Ýeri gelen-de aýtsak, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2008-nji ýylyň 3-nji martynda kabul edildi. Şu Kanun güýje girenden soň sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar.


düýn 07:42
6k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......

düýn 07:38
4.6k+

Ýeňiş güni mynasybetli uruş we zähmet weteranlaryna ýadygärlik sowgatlary berler

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilýän......

düýn 07:29
4.7k+

Türkmenistanda gozgalmaýan emläk hukuklary we täze ýubileý medaly barada kanun taslamalary işlenip düzülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler bilen......

24.04.2026 15:07
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň birnäçe atşynaslaryna hormatly atlary dakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama 23-nji aprelde......