Ýakynda Las Wegasda Wi-Fi-yň täze nesli - Wi-Fi 7 tanyşdyrdylar

  • 24.11.2021 14:52
  • 7.6k+

Heniz Wi-Fi 6 hem esasy tor tehnologiýasyna öwrülip ýetişmedik bolsa-da, MediaTek çip öndürijisi ýanwar aýynda Las Wegasda durmuş elektronikalarynyň sergisinde (CES) Wi-Fi 7-ni tanyşdyrjakdygyny mälim etdi. Bu barada mediastancia.com habar berdi.

Habar berilmegine görä, Taýwan çip öndürijisi bu tehnologiýany ornaşdyrmak babatda ilkinjileriň biri bolmak isleýändigini aýdýar. Ony irräkden goldamak has giň ekosistemany ösdürmäge we onuň durmuşa geçirilmegine itergi berer diýip, çeşme belleýär.

Şeýle-de bolsa, ony göterip biljek smartfonlaryň, sarp ediş enjamlarynyň we marşrutizatorlaryň bazara çykmagy üçin birneme wagt gerek bolar. Wireless Broadband Alliance (WBA) pudaklaýyn edarasy ilkinji Wi-Fi 7 enjamynyň 2025-nji ýylda çykmagyna garaşýar.


düýn 23:10
538

Fizikler taryhda ilkinji gezek bölejikleriň boşlukdan döreýşini hasaba aldylar

ABŞ-nyň Brukheýwen milli barlaghanasynyň fizikleri bölejikleriň wakuumdan nähili döräp bilýändigine ilkinji gezek janly şaýat boldular. Bu tejribe ýokary energiýaly protonlaryň biri-biri bilen çakyşdyrylýan......

18.04.2026 12:23
3.7k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

05.04.2026 22:27
2.8k+

ABŞ Aýdaky bazasynyň ilkinji böleklerini eýýäm 2027-nji ýylda maliýeleşdirer

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Aýda guruljak geljekki bazanyň ilkinji elementlerini eýýäm 2027-nji maliýe ýylynda maliýeleşdirmegi meýilleşdirýär. Degişli serişdeler býujet taslamasynda göz öňünde tutulyp, olar......

24.03.2026 16:50
1.8k+

LEGO 32 gektar meýdanda äpet Gün energiýa parkyny döredýär: ol ýerde 30 700 panel oturdylar

LEGO Group kompaniýasy Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Çesterfild okrugynda öz hususy Gün elektrostansiýasy bolan önümçilik toplumyny gurýar. Taslama 32 gektar meýdany tutýan Gün energiýa parkyny döretmegi göz öňünde tutýar diýip, Interesting Engineering habar berýär...