Aljamein Sterling çykyş edýän agram derejesini üýtgedip biler

  • 22.11.2021 23:45
  • 4.1k+

Has ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aljamein Sterlingiň başga agram derejesine geçmegi mümkin. Bu barada onuň öz sözlerine salgylanyp, fighttime.ru habar berýär.

Ol öz diwizionynda altynjy orunda durýan dosty we topardaşy Merab Dwalişwiliniň titul gazanmagyna päsgel bermezlik üçin şeýle karara geldi diýip, çeşme belleýär. Sterling özüni hem-de dosty Meraby bir halkanyň içinde göz öňüne getirip bilmeýändigini, ýakyn dosty hem-de topardaşydygy üçin onuň bilen garşydaş bolmak islemeýändigini aýdýar.

“Men ýarym ýeňil agram derejesine geçmek hakda pikir etdim. Ikimizede-de has ýeňil agrama düşmek kyn, ýöne häzir biz karýeramyzyň dürli basgançaklarynda, şonuň üçinem belki men oňa ýol berip, 145 funta çenli göterilerin" diýip, çeşme Sterlingiň sözlerini getirýär.

Sterling indiki söweşini UFC-niň has ýeňil agramdaky çempiony Pýotr Ýana garşy geçirer diýlip garaşylýar.


18.06.2026 22:41
8.5k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......