Dünýäniň iň iri polat eredijisi planetany halas etmek kararyna geldi

  • 21.11.2021 08:57
  • 8.3k+

Dünýäde iň iri polat erediji hasaplanýan Hytaýyň China Baowu Steel Group kompaniýasy daşky gurşawa zyýanly maddalaryň zyňylmagyny azaltmak arkaly planetany halas etmek boýunça meýilnamany düzdi. Bu barada, Day.Az-yň ýetirmegine görä, Bloomberg agentligi habar berýär.

Iň iri polat öndürijisi önümçiligi dekarbonlaşdyrmak boýunça (uglerod zyňyndylaryny azaltmak) meýilnamany neşir etdi. Ol alty punkty öz içine alýar: bar bolan domna sehleriniň energetika netijeliligini ýokarlandyrmak, domna peçleri tarapyndan uglerod zyňyndylarynyň intensiwligini 30 göterim azaltmak, wodorody ýangyç hökmünde ulanmak bilen polat öndürmek, elektrik duga peçlerini kämilleşdirmek, gaýtadan işlenen poladyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak we önümçilikde uglerody tutmak tehnologiýasyny işläp düzmek. 

Hytaýyň polat öndürijisi az uglerodly metallurgiýa pudagyndaky gözlegler üçin her ýyl 35 mln ýuan (takmynan, 5,5 mln dollar) sarp etjek gaznany hem döretmek kararyna geldi. Şeýle-de, metallurgiýa sektorlary tarapyndan döredilýän bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin 62 zawodyň we kärhananyň arasynda birleşik döretmek meýilleşdirilýär. Öň, kompaniýa zyňyndylaryň iň ýokary derejesine 2023-nji ýylda ýetjekdigini, şondan soň 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyna geçjekdigini habar berdi.

China Baowu Steel Group wodorodyň ýangyç hökmünde ulanylmagynyň kärnalary dekarbonlaşdyrmak üçin esasy elementdigini belleýär. 

Tutuş dünýäde kärhanalaryň dekarbonlaşdyrma prosesi düýpli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hünärmenler adaty energiýa çeşmeleriniň, mysal üçin, nebitiň we gazyň ýene uzak ýyllaryň dowamynda global energiýa ulgamynyň bir bölegi bolup galjakdygyny bellediler. Ýagny, Britaniýanyň BP nebitgaz kompaniýasynyň baş direktory Bernard Luniniň aýtmagyna görä, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin işjeň tagallalaryň alnyp barylýandygyna garamazdan, geljekde uglewodorodlar möhüm rol oýnamagyny dowam etdirer. Onuň pikiriçe, şeýle ýagdaýda iň gowusy, uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin gazylyp alynýan ýangyjyň çykarylmagyny we gaýtadan işlenmegini deňagramlaşdyrmakdyr.


11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......