Türkmen gazyny Hytaýa eksport etmegiň mümkinçilikleri giňeldilýär

  • 20.11.2021 09:18
  • 7k+

19-njy noýabrda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 7-nji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde söwdanyň göwrümini artdyrmak, gaz ýataklaryny özleşdirmek, önümçiligi artdyrmak we maliýeleşdirmek ugrunda gatnaşyklary giňeltmek boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Türkmen tarapyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Ç.Tzýanhua ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar şu ýylyň maý aýynda geçirilen iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik netijesinde nebitgaz ulgamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Öňki geçirilen mejlisleriň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi, şeýle-de nebitgaz we gaz-himiýa pudaklarynda geljekki hyzmatdaşlyk meselelerine seredildi. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny Hytaýa eksport etmek bilen baglanyşykly meseleler babatda pikir alşyldy.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...