ABŞ-da çagalary Instagrama çekmekde Meta kompaniýasyna garşy derňew başlandy

  • 21.11.2021 09:17
  • 5.4k+

ABŞ-nyň 9 ştatynyň prokurorlary Meta kompaniýasynyň çagalary we ýetginjekleri öz Instagram sosial toruna çekmek boýunça işjeňligini derňärler.

"Nýu-Ýorkuň Baş prokurory Letisiýa Jeýms ýurduň baş prokurorlar topary bilen bilelikde Meta Platforms-da sosial torlaryň fiziki we psihiki saglyk üçin zyýanlydygyny bilýändiklerine garamazdan, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda Instagram sosial toruny ýaýratmak boýunça kompaniýanyň işjeňligini derňejekdigini yglan etdi» - diýip TASS ştatyň Baş prokuraturasynyň saýtynda neşir edilen habary getirýär.

Prokurorlaryň konsorsiumy Meta tarapyndan sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda ştatyň kanunlarynyň mümkin bolan bozulmalaryny derňär, şeýle hem kompaniýanyň jemgyýetçiligi howp astyna salanlygyny anyklamaga çalşar.

Bellenilişi ýaly, derňew işi ýaş ulanyjylaryň Instagram ulanmak ýygylygyny we dowamlylygyny artdyrmakda kompaniýanyň ulanýan usullaryny seljermäge gönükdirilendir.

"Kompaniýany Facebook ýa-da Meta diýip atlandyrmak möhüm däl», esasy zat: bu sosial torlar örän howply. Olaryň ýaşlara fiziki zyýan bolşy ýaly, psihiki zyýan ýetirýändigi subut edildi. Mark Sukerberg we onuň dolandyrýan kompaniýasy nobatdaky gezek girdejini howpsuzlykdan ileri tutýarlar. Biziň derňew işimiz bu hili hereketleri bes etdirmäge gönükdirilendir» - diýlip Nýu-Ýorkuň Baş prokurorynyň sözleri getirilýär.

Ýatlatsak, sentýabr aýynda Facebook kompaniýasy (soň Meta üýtgedilen) Instagram Kids programmasynyň üstünde işlemegini bes edendigini mälim etdi. Ondan öň, Mark Sukerbergiň kompaniýasy 13 ýaşdan aşakdaky çagalar üçin adybir sosial toruň wersiýasyny işläp taýýarlaýardy.


düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......