WhatsApp Windows we macOS üçin düýbünden täze programmasyny çykarar

  • 18.11.2021 16:19
  • 1.7k+

WhatsApp özüniň Windows we macOS üçin niýetlenen täze programmasyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada GSMArena salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Täze programma WhatsApp-yň kompýuterde ulanylyp gelinýän, "desktop" üçin uýgunlaşdyrylan ozalky mobil programmasyndan düýpgöter tapawutly bolar. Çeşme hatda täze programmanyň nähiliräk boljakdygyny we onuň käbir esasy aýratynlyklaryny görkezýän suratlaryny-da ýerleşdirdi.

WhatsApp UWP (Universal Windows Platform) diýlip atlandyrylan täze programma Windows 11-e laýyklykda işlenip düzüler. Programma ýarym dury dizaýna eýe bolar we habarnamalar üznüksiz gelip durar ýaly, ýapylandan soň hem işläp durar. Programmany işe girizmek üçin bir sekuntdan köp wagt gerek bolmaz. Onda surat çekmek funksiýasynyň hem bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu programmanyň Skype-a gaty meňzeş boljakdygy aýdylýar.

şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
873

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
809

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.5k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......