ABŞ-nyň kazyýeti bitkoini döreden adamyň hakyky adyny aýan edip biler

  • 16.11.2021 13:57
  • 11k+

Bitkoini döreden Satoşi Nakamotonyň hakyky ady Florida ştatynda geçirilýän kazyýet işinde ýüze çykyp biler. Bu barada "The Wall Street Journal" neşirine salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Kazyýet işi häzirki wagtda Florida ştatynda dowam edýär. Onda bir merhumyň maşgalasy onuň öňki işewür hyzmatdaşyny olaryň umumy emläklerine eýelik edýändigi üçin kazyýete berýär. Bu ýerde göz öňünde tutulýan emläk bolsa, takmynan, 64 milliard dollara barabar bolan bir million bitkoin bolup durýar. Bu emläkleriň Satoşi Nakamoto degişlidigi bellendi. Merhumyň we onuň işewür hyzmatdaşynyň bilelikde şol at bilen gizlenendigini aýdylýar.

Kazyýet işi 51 ýaşly awstraliýaly programmist Kreýg Raýtyň garşysyna gozgaldy. Ol 2016-njy ýyldan bäri bitkoini özüniň döredendigini öňe sürýär. Şeýle-de bolsa, Satoşi Nakamotonyň şahsyýetini tassyklap biljek diňe bir subutnama bar. Ol hem bir million bitkoin saklanýan hasaby açyp biljek şahsy açar diýip, çeşme belleýär.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......