Maýami ýaşaýjylaryna kriptowalýuta paýlar

  • 16.11.2021 00:32
  • 5.9k+

Maýaminiň häkimi Frensis Suares şäheriň ýaşaýjylaryna kripto walýuta paýlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Häkimiň paýlamak isleýän serişdeleri şäheriň MiamiCoin kripto walýutasy arkaly alan girdejisidir. Ýagny, şäher öz serişdeleriniň bir bölegini kripto walýuta maýa goýdy we soňky üç aýda 21 million dollardan gowrak girdeji gazanmagy başardy. Munuň özi Maýaminiň bir ýylda salgytdan alýan girdejisiniň bäşden bir bölegine deňdir.
Suaresiň belleýşi ýaly, Maýami ABŞ-da öz gönüden-göni ýaşaýjylaryna diwidend hökmünde kripto walýuta girdejisini beren ilkinji şäher bolar. Ýerli ýaşaýjylar şäheriň göni özünden kripto walýuta alyp ýa-da satyn alyp bilerler.
Häkimiň beýle pikirini tankytlaýanlar hem bar. Olar şeýle durnuksyz "maliýe guralyna" bil baglamagy töwekgelçilikli hasaplaýarlar.


düýn 13:01
6.1k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Keti Perri, Future, Lisa we J Balvin çykyş eder

2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň guramaçylary ABŞ-da boljak dabara gatnaşjak artistleriň resmi sanawyny yglan etdiler. Kaliforniýadaky dabaranyň esasy ýyldyzlary Keti Perri (Katy......

18.05.2026 14:49
3.9k+

Nýu-Jerside DÇ-2026-nyň öňüsyrasynda bir köçä Messiniň ady dakyldy

Berkli-Haýts şäherçesindäki (Nýu-Jersi ştaty) Şerman-awenýu köçesiniň bir bölegine wagtlaýyn «Lionel Messi ýoly» ady berildi. Ýerli häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu köçäniň adynyň hemişelik üýtgedilmegi......

18.05.2026 14:48
3.7k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....