Türkmen-awstriýa haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda 34% ýokarlandy

  • 10.11.2021 13:52
  • 2.9k+

2021-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň özara haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% ýokarlandy. Bu maglumatlary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda awstriýaly kärdeşi Mihael Linhart bilen duşuşygynda habar berdi diýip, orient.tm belleýär.

«Pandemiýa garamazdan, ikitaraplaýyn söwda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda 2,5 esse artdy. Bu biziň statistik maglumatlarymyza görädir. Şol bir wagtda, Awstriýanyň şu ýylyň alty aýynyň statistikasyna görä, Türkmenistan bilen söwda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% ýokarlandy» - diýip türkmen diplomaty belledi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Awstriýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ykdysady taslamalara işjeň gatnaşýandygyny belläp, senagat, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar, söwda we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

«Bu ugurlarda ýurtlarymyzyň hususy kompaniýalarynyň arasyndaky aragatnaşyklary ösdürmegi möhüm hasaplaýarys» - diýip, R.Meredow bu babatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Wenadaky edarasynyň tagallalaryny ýatlady.

Türkmen tarapy indiki ýyla meýilleşdirilen Türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......