Indoneziýada «Altyn ada» ýüze çykaryldy

  • 08.11.2021 17:52
  • 18k+

Arheologlar Indoneziýadaky Palembang şäheriniň golaýynda Musi derýasynyň düýbünden köp sanly altyndan ýasalan esbaplary tapdylar. Bu barada Live Science-e salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Derýanyň düýbünden tapylan gadymy tapyndylaryň arasynda altyn halkalar we lagyl gaşly ýüzükler, teňňeler, ýüzlerçe heýkeljikler, şeýle hem hytaý keramikasy, ybadathana jaňy, aýna bölekleri, altyndan ýasalan gylyç sapy, çakyr küýzeleri we tawus şekilindäki fleýtalar bar.

Gözlegçiler rowaýatlarda agzalýan "Altyn adany" tapandyklaryna ynanýarlar. "Altyn ada" gadymy Malaý Patyşalygy Şriwijaýanyň baý we kuwwatly porty bolupdyr. Onuň paýtagty bolsa Sumatra adasyndaky Palembang şäheri bolan eken.

Şriwijaýa hakda häzire çenli gaty az maglumat saklanyp galypdyr. Musi derýasynyň bu şäher-döwletiň syrlaryna eýedigi ilkinji gezek 2011-nji ýylda, gurluşyk üçin derýadan gum gazylyp başlananda ýüze çykaryldy. Gumdan gadymy esbaplar - artefaktlar tapyldy. Köp tapyndylar soňrak ýerli ilat tarapyndan gara bazara çykaryldy diýip, çeşme belleýär.


23.10.2025 17:38
5.3k+

Türkmen talyplarynyň täze derman serişdelerini döretmek boýunça geçiren barlagy Indoneziýada bäsleşikde altyn medal aldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde ýakynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular...

23.10.2025 13:04
3.8k+

Ýawa kerklerini halas etmek üçin olaryň genetiki materialy biobanklarda saklanar

Indoneziýa seýrek Ýawa kerkleriniň ýitip gitmeginiň öňüni almak üçin olaryň genetiki materialyny saklap galmak isleýär. Bu barada Indoneziýanyň tokaý hojalygy ministri Raja Juli Antoni habar berdi. “Biz kömekçi reproduktiw tehnologiýalary ulanmak bilen, geljekki ekstrakorporal tohumlandyrma üçin döli we ýumurtga öýjüklerini saklap galarys” – diýip, Antara habarlar agentligi ministriň sözlerini getirýär...

01.06.2025 13:53
4.4k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi...

25.02.2025 18:20
5.9k+

Türkmenistanyň topary Indoneziýada ylmy ýarmarkada baýraga mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Indoneziýada geçirilen V Halkara ýaşlar ylmy ýarmarkasynda (YISF) baýrakly orna mynasyp boldular...