Sportico neşiri Maýkl Jordany taryhyň iň baý türgeni diýip yglan etdi

  • 06.11.2021 17:32
  • 6.5k+

ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň öňki basketbolçysy Maýkl Jordan Sportico neşiri tarapyndan taryhda iň köp girdeji gazanan türgen diýlip yglan edildi. Bu barada  prostoprosport.ru habar berdi.

Onuň jemi gazanan girdejisi 2,62 milliard dollara barabar boldy. Ikinjisi orunda 2,1 milliard girdejisi bilen golfçy Tiger Wuds ýerleşdi. Üçünji setirde  bolsa 1,5 milliard dollar girdeji bilen golf sportunyň ýene bir wekili Arnold Palmer orun aldy.

Futbol ýyldyzlary - Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi degişlilikde bäşinji we sekizinji orunlarda ýerleşdiler. Portugaliýaly oýunçynyň aýlygy 1,24 milliard dollar boldy. Argentinaly ýyldyzyň girdejisi bolsa 1,14 milliard dollar diýlip görkezilýär.

Doly reýtingi siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

1. Maýkl Jordan (basketbol) - 2,62 milliard dollar;
2. Tiger Wuds (golf) - 2,1 milliard;
3. Arnold Palmer (golf) - 1,5 milliard;
4. Jek Niklaus (golf) - 1,38 milliard;
5. Kriştianu Ronaldu (futbol) - 1,24 milliard;
6. Floýd Maýwezer (boks) - 1,2 milliard;
7. LeBron Jeýms (basketbol) - 1,17 milliard;
8. Lionel Messi (futbol) - 1,14 milliard;
9. Maýkl Şumaher (awtoulag ýaryşy) - 1,13 milliard;
10. Rojer Federer (tennis) - 1,12 milliard.

şu gün 11:51
745

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

şu gün 11:31
652

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
1.6k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.7k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....