Özbegistanyň prezidenti wezipesine ikinji gezek saýlanan Mirziýoýew işe girişdi

  • 06.11.2021 14:53
  • 8.4k+

Özbegistanyň ikinji gezek prezidenti saýlanylan Şawkat Mirziýoýew şenbe güni wezipesine girişdi. Bu barada Senatyň (parlamentiň ýokarky palatasy) metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

“Şawkat Mirziýoýew 24-nji oktýabrda geçirilen nobatdaky prezident saýlawlarynyň dowamynda 80,12% ses aldy we kanuna laýyklykda, şu gün (6-njy noýabr) Özbegistanyň baştutany wezipesine girişýär” – diýip, metbugat gullugynyň wekili Mirziýoýewa prezident şahadatnamasyny gowşuran Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýewiň sözlerini getirýär. Soňra Mirziýoýew Konstitusiýa we Gurhana elini goýup, Özbegistanyň halkyna wepalylyk kasamyny aýtdy.

Kasam kabul edenden soň wezipä girişen Mirziýoýewa şu ýylyň oktýabr aýynda esaslandyrylan prezident häkimiýetiniň tapawutly nyşanlary – döşe dakylýan nyşan we ştandart gowşuryldy. 


30.12.2025 16:22
6.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...

19.12.2025 18:17
10k+

Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň duşuşygy geçirildi

16-njy dekabrda Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň habar berdiler. Duşuşyga Özbegistanyň...

13.12.2025 02:33
6.4k+

Özbegistan Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda «Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini» döretmek başlangyjyny goldaýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen Halkara forumda çykyş etdi...

12.12.2025 13:10
7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda daşary ýurtlaryň Prezidentlerini kabul etdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlar geldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşylady...