Hawi Hernandez «Barselona» baş tälimçi bolup dolandy

  • 06.11.2021 08:26
  • 8.2k+

"Barselona" Ronald Kumanyň oruntutaryny tapdy: "Al-Sadd" Hawiniň katalon toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Bu barada "Al-Sadd"-yň resmi Twitter hasabyna salgylanyp, www.eurosport.ru habar berdi.

“Ýolbaşçylar şertnamada göz öňünde tutulan tölegi töläninden soň Hawiniň "Barselona" geçmegine razy boldular. "Barselona" bilen geljekde hyzmatdaşlyk etmäge razylaşyldy. Hawi "Al-Sadd"-yň taryhynyň möhüm bölegidir we biz oňa üstünlik arzuw edýäris" diýip, habarda aýdylýar.

Täze tälimçiniň resmi tanyşdyrylyş dabarasy indiki hepdäniň başynda geçiriler diýlip garaşylýar we onuň tälimçilik işi 20-nji noýabrda katalon derbisinde "Espanýola" garşy oýun bilen başlar. Hawi "Barselonanyň" öz ýetişdiren oýunçysy bolup, ol topar bilen üç gezek Ispaniýanyň çempionatynda we iki gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji bolan Hosep Guardiolanyň üstünligini gaýtalamaga synanyşar.

Rowaýaty oýunçynyň ýakyn wagtda gaýdyp geljekdigi 4-nji noýabrda belli boldy. Ilkibaşda häzirki tälimçilik edýän “Al-Sadd” kluby ony goýbermek islemedi: Hawi olary Kataryň çempionatynyň 2020/21 möwsüminde altyn medallara ýetirdi, ýurduň iki Kubogyny we bir Superkubogyny alyp berdi.


düýn 09:55
3.8k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
6.7k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

18.05.2026 00:06
6.5k+

«Benfika» Mourinýu bilen ligadaky möwsümi asla utulman tamamlady, ýöne titul almady

Lissabonyň «Benfika» topary baş tälimçi Žoze Mourinýunyň ýolbaşçylygynda 2025/2026 möwsümini Portugaliýanyň çempionatynda ýekeje gezek hem utulman tamamlady we Ýewropada öz ýurdunda şeýle netije görkezen......