Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy

  • 06.11.2021 17:21
  • 2.3k+

Londonda Edebiýat boýunça Buker baýragynyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi yglan edildi. Baýraga Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut “Wada” (The Promise) romany üçin mynasyp boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

"Biz 2021-nji ýyldaky Buker baýragynyň ýeňijisiniň Deýmon Gelgutyň “Wada” romanydygyny mälim etmäge şatdyrys" diýip, baýragyň Twitter hasabynda ýazylýar.

Gelgut 1963-nji ýylda Pretoriýada doguldy. Alty ýaşynda oňa rak diýlip kesel kesgidi goýuldy. Onuň özi bu keseli "durmuşdaky möhüm we bagtsyz hadysa" diýip häsiýetlendirýär. Gelgut drama ugry boýunça Keýptaun uniwersitetinde bilim aldy. Ol özüniň ilkinji romanyny 17 ýaşynda neşir etdi.

Bu ýyl baýraga Gelgutdan başga-da Anuk Arudpragazam ("Demirgazyga barýan ýol", A Passage North), Patrişa Lokwud ("Bu barada hemmeler dymýar", No One is Talking About This), Nadifa Mohamed ("Garadan gaýtmazlar", The Fortune Men), Riçard Pauers ("Bulaşyklyk", Bewilderment), Meggi Şipsted ("Uly aýlaw", The Great Circle) dagylar  dalaşgärlik etdiler.

şu gün 12:24
329

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
680

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

şu gün 08:03
6.6k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

düýn 18:02
3.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....