AnTuTu oktýabr aýynda iň güýçli Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi

  • 03.11.2021 12:33
  • 7k+

Meşhur AnTuTu bençmarkynyň topary 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Hytaýyň bazary üçin orta aralyk Android smartfonlarynyň sanawyny neşir etdi. Bu barada ixbt.com habar berdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, ýakynda bir kristally Qualcomm Snapdragon 778G ulgamyna esaslanýan köp sanly täze önüm satuwa çykaryldy, şonuň üçin hem reýtingde uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Sanawyň iň gowy 10-lygynda eýýäm 6 sany Snapdragon 778G smartfony bar.

Birinji orny ortaça 565 462 bal bilen Snapdragon 778G bilen enjamlaşdyrylan iQOO Z5 smartfony eýeledi. Ol 533 806 bal gazanan we ikinji ýerde ýerleşýän Snapdragon 780G-e esaslanýan Xiaomi Mi 11 Youth Edition-dan öňe geçdi. Üçünji ýeri ortaça 518467 bal bilen Snapdragon 778G-de işleýän täze Xiaomi Civi seriýasy eýeledi.

Iň gowy bäşligiň ahyrynda Snapdragon 778G-de işleýän Honor 50 Pro we Honor 50 smartfonlary ýerleşdiler. Olar, degişlilikde, 517,002 we 515,180 bal aldylar. Altynjy orundan onunjy ýere çenli Oppo Reno6, Huawei Nova 9, Huawei Nova 9 Pro, Redmi 10X 5G we Huawei Nova 8 ýerleşdi.

Statistika 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji oktýabry aralygynda toplandy. Belläp geçsek, AnTuTu-nyň reýtinginde iň ýokary bal däl-de, hemişe ortaça bal ulanylýar. Şonuň üçin hem her bir smartfon üçin, azyndan, 1000 testiň netijesi hasaba alynýar, az testli modeller bolsa reýtinge goşulmaýar.

düýn 23:58
1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....