6-njy noýabrda Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berler

  • 02.11.2021 15:58
  • 4.3k+

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşan ýolbaşçylaryň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Döwlet Baştutany gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen baglylykda paýtagtymyzyň häkimine ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işledilmegini, jemagat gulluklarynyň işleriniň utgaşdyrylmagyny üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabatlary berdiler. Häzirki wagtda kärendeçi pagtaçylar ýetişdirilen hasyly doly we ýitgisiz ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Maslahatda üýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanandygy barada-da aýdyldy.

Türkmen Lideri hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara 6-njy noýabrda meýilleşdirilen güýzki bag ekmek möwsüminde göz öňünde tutulan bag ekmek dabarasyna öz wagtynda taýýarlyk görmek barada tabşyryklary berip, agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini hem-de olaryň möçberini kesgitlemek meselesine aýratyn üns berilmelidigini belledi.


düýn 23:23
600

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....