Hindistan 2022-nji ýylda dünýä ýurtlary üçin 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürer

  • 31.10.2021 23:32
  • 5.6k+

Hindistan indiki ýyl dünýä ýurtlary üçin koronawirusa garşy 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürmegi maksat edinýär we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny (BSGG) Hindistanda öndürilen sanjymlary mümkin boldugyndan çalt ykrar etmäge çagyrýar. Bu barada premýer-ministr Narendra Modi Rimde geçirilýän G20 sammitiniň sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Hindistan özüniň global borçnamalaryna hemişe jogapkärli çemeleşýär. Men şu gün G20-iň münberinden siziň ähliňize Hindistanyň indiki ýyl tutuş dünýä üçin 5 milliarddan gowrak sanjym dozasyny öndürmäge taýýarlanýandygyny aýdasym gelýär. Hindistanyň bu borçnamasy dünýäde koronawirus bilen kesellemegiň öňüni almak üçin uly ähmiýete eýe bolar. Şonuň üçin, Hindistanda öndürilen sanjymlaryň BSGG tarapyndan mümkin boldugyndan çalt ykrar edilmegi hökmandyr” – diýip, respublikanyň DIM-i öz saýtynda Modiniň sözlerini getirýär.

Premýer-ministr kuwwatly derman senagatyna eýe bolan ýurduň 150-den gowrak ýurda koronawirusa garşy göreşmek üçin derman serişdelerini iberendigini ýatlap geçdi. Şeýle-de, premýer-ministr halkara gatnawlaryny ýeňilleşdirmek we sanjym şahadatnamasyny özara ykrar etmegiň mehanizmi barada söz açdy.

Modi G20-iň “global maliýe arhitekturasyny has adalatly etmek üçin” iň uly korporasiýalara 15% möçberinde iň pes salgydyň salynmagyny goldamak baradaky kararyna kanagatlanma bildirdi. 


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

24.10.2024 12:12
8.9k+

Türkmenistan Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

14–18-nji oktýabrda Nýu-Delide (Hindistan) Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 19-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri...