Ahally gallaçylar hem bugdaý ekişini tamamladylar

  • 28.10.2021 13:18
  • 2.4k+

Ahal welaýatynyň gallaçylary hem güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi. Munuň özi bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Daýhanlaryň zähmeti üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýan berijilere garşy göreş serişdeleri öz wagtynda taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlarynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi durýar, şonuň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda öndüriler. TmCars.info Türkmenistanda ilkinji bolup lebaply ekerançylaryň güýzlük bugdaý ekişini tamamlandyklaryny ozal habar beripdi.


düýn 07:30
12k+

Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanyň tutuş çäginde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar...

05.01.2026 06:40
14k+

Türkmenistanda şu hepdede bolmagyna garaşylýan howa maglumaty (05.01 - 11.01)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar...

29.12.2025 16:46
17k+

2025-nji ýylyň soňky hepdesinde Türkmenistanda boljak howa barada maglumat

2025-nji ýylyň 29-njy dekabry - 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary aralygyndaky hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ygalyň mukdarynyň 0,1-12,0 mm bolmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi  ýurdumyzda ýylyň soňky hepdesinde bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi...

15.12.2025 08:54
10k+

Gar gatyşykly ýagyş ýagar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (15.12 - 21.12)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...